Retour aux promos
Çarhypelek: Türkmençe söz oýny

Jeux

Gratuit

Çarhypelek: Türkmençe söz oýny

par Ajap Ulgam, HK

v1.1.0 41 Mo 12+

Captures d'écran

Description

Çarhypelek türkmen dilinde söz oýny. Tagtada gizlenen söz ýa-da nakyl bar: çarhy aýla, harp saýla we jogaby hemmelerden öň tap.

NÄHILI OÝNAMALY?
• Çarhy aýla: çarhyň görkezen sany her tapylan harp üçin hasabyňa goşulýar.
• Çekimsiz harp saýla. Çekimli harpyň bahasy: 250.
• Jogaby bilýän bolsaň, islän wagtyň çöz. Diňe jogaby tapan oýunçynyň tapgyr hasaby jemi hasabyna goşulýar.
• Ýöne seresap bol: BANKROT tapgyr hasabyňy nollaýar, PAS bolsa nobaty indiki oýunça geçirýär.
• Ýeňiji Baş baýrak tapgyrynda konwert saýlamak üçin çarhy aýlaýar.

OÝUN GÖRNÜŞLERI
• Teleoýun: iki bota garşy, Aňsat, Orta ýa-da Kyn. 3 tapgyr + Baş baýrak tapgyry.
• Bir telefonda: 2–4 oýunçy, telefon elden-ele geçýär. Maşgala ýa-da dostlar bilen.
• Günüň sözi: hemmeler üçin şol bir söz, 3 synanyşyk. Netijäňi jogaby açmazdan paýlaş.
• Onlaýn: dostlaryň bilen 2–4 oýunçy, otaga kod bilen gir.

ÝENE-DE
• Reýting: Günüň sözünde hepdelik ýaryş, dost toparlary bilen hem.
• 30 harply türkmen elipbiýi oýnuň öz klawiaturasynda.
• Oýnap teňňe gazan we Dükanda çarhyň üçin täze bezeg saýla: Haly ýa-da Ak şäher.
• Sesi, titremäni we nobat wagtyny sazlap bolýar. Oýun awtomatik usulda ýatda saklanýar.
• Teleoýun, Bir telefonda we Günüň sözi internetsiz işleýär: ýolda, obada, çölde.
• Oýun mugt we mahabatsyz.

Çarhypelek — словесная игра на туркменском языке: крутите колесо, открывайте буквы и отгадывайте слова и пословицы. Против ботов, до 4 игроков на одном телефоне и загадка дня работают без интернета; онлайн-игра с друзьями и рейтинг требуют его. Без рекламы и без покупок. Интерфейс игры — на туркменском языке.

Nouveautés (v1.1.0)

Täze: Günüň sözi ýatlatmasy, yzygiderligiň kesilmez ýaly.
Täze: Sazlamalarda «Teklibiň barmy?»: pikiriňi bize ýaz.
Oýnuň ýazgylary has düşnükli edildi.