Gadyrly okyjylar! «Kitap çeşmesi» 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çaklaňja, ýöne kitaby diýseň söýýän yhlasly topar tarapyndan döredildi. Biziň maksadymyz kitap okamak endiginiň has hem ýaýbaňlanmagyny gazanmakdan, şol sanda dürli ýaşdaky okyjy köpçüligine laýyk we elýeterli kitaplary hödürlemekden hem-de islendik kişiniň islendik gyzyklanýan kitabyny iň gysga wagtyň içinde tapyp bermekden ybarat.
Biziň üçin kitap ýöne bir harytdan ybarat däldir, eýsem kitap ýaşaýyş ülňimizdir. Okyjy onuň her sahypasynda täze dünýä bilen tanyşýar, dünýägaraýşy barha giňeýär.
Şol sebäpli bu topar kiçi diýmän, uly diýmän, dürli ýaşdaky okyjy köpçüligine, galyberse kitap okamaga çynlakaý çemeleşýän kitap söýüjilere hyzmat etmek üçin elinden gelenini etmäge taýýar.
Bu gün biz çaklaňja topar hem bolsak, örän uly hyýalymyz bar. Ol hem «Kitap çeşmesini» dünýäniň dört künjünde tanalýan kitap söwda brendine öwürmek.
Şygarymyz bolsa «Çeşmämiz kitap bolsun!»
Ýagşy dilegler bilen «Kitap çeşmesiniň» yhlasly topary!
What's new (v1.0.6)
Kiçi üýtgeşmeler girizldi we ýalňyşlyklar düzeldildi